Biz näme etmedik Ýeriň üstünde?

"We do not inherit the earth from our ancestors; we borrow it from our children." - Native American proverb

Biz näme etmedik Ýeriň üstünde,
ýa nämeler agtarmadyk astyndan?
Bize zat gerekdi, baýlyk gerekdi,
biz öz gara nebsimizden asgyndyk,
doýmany-dolmany bilmezdik asla,
berenin az görüp, kemter hasaplap,
biz bu Ýeri bir gün goýmadyk günne,
täze-täze ’açyş’ edip her günde,
akmak başymyza akylly diýip,
dogmadyk çagalaň rysgalyn iýip,
biz bu Ýere nämeleri etmedik,
biz bu Ýerde nirelere gitmedik,
ýa ýetmedik nireleriň nirsine,
hemem telper galdyk, düşünmän düýbe,
bilseň, öňe baksaň, başyň aýlanar,
gözüň garaňkyrar seretseň düýne...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019