Däp duzagy
Däp-dessuryň, sylamagyň ulyny,
gorkup ýaşan adamlary, köp ýüzli,
gapanynda galma, seret daşaryk,
beýiklik ýok güýlüp atsaň özüňi,
goýun ýaly, kökerilen hatara,
gyrkylykda gezegiňe garaşyp,
oka, işle, ýaşa biraz ýürekli,
gypjyn-gypjyn bolup, ýumman gözüňi,
açda seret aňyrlaryk, uzaga,
münjek bolma awtobusa, döwüljek,
salma özüň içi doly duzaga.