Kiçi bolma
Has uludan ogurlasaň,
tutulmasaň, goldawyň kän,
Alla berýär diýip oňa,
aklaýarlar seni bilip,
eden işiň galat bolsa,
talaňçylyk bolsa hatda,
utanmagyň geregi ýok,
haýa döwri geçdi, gülüp
ýaşamaly din-imana,
kanunlara ýazylan ýa
ýazylmadyk hiç kagyza,
puluň bolsa, malyň bolsa,
goraýar il adyň seniň,
ýazyjylar, şahyrlar gul,
žurnalistler günlükçiňdir,
ýalan sözläp gazanar pul,
abraýyň arşa galýar,
uly bolsa ogurlygyň,
ýöne kiçi bolsaň hatar,
bu gün duzuň iýen seni,
ertir gülüp, pulsuz satar...