Surat

Sogan meselesi

Biri diýdi biz özümiz göz açyp,
özümizi tanamasak, bilmesek,
kim bolupdyr ene-ata, babamyz,
basyp alan, halas eden okadyp,
başga biri gürrüň berer, agzymyz
açyk galyp, çaga ýaly diňläris,
biz bir tire, taýpa bolup, henizem
millet däl-de, minnet diýip iňläris,
içimizden agy geler, utanyp,
ýylgyrarys ýat, kesekä bildirmän,
aýak köwüp, gybat edip, ejizläp,
bir-biregi öldüreris öldürmän,
babadaşyň ýokmy diýip, ýagyny
daşardan däl, içimizden gözläris,
sözläris biz çyn ýerine ýalany,
bu däbimiz, dessurymyz mysaly,
dinimizi çalşyrarys köýnek dek,
aýran güler dilimizden, dilini
öwrederis çagamyza başganyň,
goý, biz ýaly horlanmasyn diýeris,
iýeris biz minnet tapsak bal edip,
çünki çörek atly bolar elmydam,
biz pyýada, häsin berip kim-kimi
arsyz adam, mertebeli ederis,
soň gaçarys çydap bilmän süteme,
aýrylarys ýurdumyzdan, ülkeden,
bir gün sorar özün gözlän oglumyz,
ýa gyzymyz, näme üçin Nesimi,
ýeke galyp, dabanyndan soýuldy,
näme üçin Magtymguly Pyragy
il içinde däli bolup galypdyr,
näme üçin Keminäniň müň kowan
garyplygy ýok bolmandyr, gitmändir,
näme üçin duşman bolýar dost, dogan,
sylarys biz gözümizi bildirmän,
ýa bildirsek diýip, bet eken sogan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026