Surat

Şaty bolçulygy

Bu belli zat, ýöne biri
ýatlatmaly ýaly günde,
eger-de sen gerek zadyň,
zeruryňy gözlemeseň,
yzlamasaň ýola çykyp,
gelmez özi sorap adyň...

Eger-de sen soramasaň,
däldir durmuş gara ýa ak,
jogap hergiz ýok, oglan, ýok...

Eger-de sen köwşüň geýip,
bagjyklaryn daňyp gowy,
ýagyş diýmän, ýa gar diýmän,
öýden çykyp, ugramasaň,
şol bir ýerde oturarsyň,
diňe bir aý, günüňi däl,
gelejegiň batyrarsyň,
muny bilmek kyn däl gaty,
turup, durup, görünmeseň,
gündiz şaty, gije şaty...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026