Dereksiz oba
Sen söweşiň ýeke durup,
söweşýärkäň ýaralanyp,
bir eliňde sargy, biri
ýaragyny gaçyrmasyn,
gelmez adam äbermäge,
eglip bilmän, dursaň dertli,
ýa ýykylsaň, gelen bolmaz
galdyrmaga, suw bermäge,
bilen bolmaz ahwalyňy,
ne dogan bar, ne-de dostuň,
ýadymda, men eşitmiş däl,
gördüm oýnun ildeşleriň,
çyny näme ýa nirede,
soramagyň geregi ýok,
aljyranda çapan obaň,
gerek güni deregi ýok...