Lepbeý duzagy

Beýle kümsük, beýle näkes bar diýip,
ýyrtylýança ýüzündäki perdesi,
pikir edip, göz öňüne getirip,
aýtsalar-da ynanmarsyň, bilmersiň,
bilim alan, diplom alan, dogrusy,
ene, ata arkasyndan, köp olar,
işlän bolar birnäçe ýyl bildirmän,
lepbeý diýip, häsin berip her kimiň,
bu bir duzak, köp adamy aldaýar,
ýöne bir gün ýol açylyp, gerekli
ýerde bolan, gerek wagty, elbetde,
sana geçýän adam bolar birdenkä,
açar ýüzün, iki günde görkezer,
ýigrimi ýyl görkezmedik sepini,
utanarsyň, özüň ýere girersiň,
agzama hiç, etme hiç bir gepini...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026