Kynlaşan iş
Durmuş maňa ýowuz boldy,
urdy durdy ýüzüme ol,
agzymdaky dişlerimiň
birin goýman, ýeke-ýeke,
çekiç bilen owratdy,
ýöne soňy has kyn eken,
dişsiz, gaty çörekleri,
bal bolýança owurdymda,
iş edinip çeýnemegi öwretdi,
tanamagy öwretdi ol
adamlary bir göremde,
diňlänimde gep-gürrüňin,
gördüm için, daşyn diýdi,
aýnadaky ýaly, adam,
bilýänimi bilmedi hiç,
asan ýaly şeýle görseň,
müşgül etdi işim nadan...