Geň waka
Ol oglanlar bize görä
has akylly çykan ýaly,
ýa-da bize urlan şarpyk,
düşen güni il-ulusyň
sapak boldy olara bek,
eşitmedik biziňki dek
zaýalanyn sözlerini,
diýjek bolup kösenen az,
gana boýap gözlerini...
Ol oglanlar, ini, uýa,
dil öwrenip, ýol öwrenip,
çykyp, çykyp gitdiler,
äkitdiler soňra gelip,
saýlap gerek adamlaryn,
ýa tapdylar başga ýerden,
gyzlar gitdi, gyz sen diýip,
basdyrmadyk başdan aşak,
yzdan gelýän nesil hany,
nirde diýip biz öň gaty
kän gaýgysyn etdik onuň...
Ol oglanlar bize görä
has edenli, tüweleme,
oýnan oýny başga boldy,
okadylar öz wagtynda,
kowalaman biz dek otly,
ýol başyndan bolup batly,
baryp, görüp düşündirler,
artyk dälin hiç milletiň,
imperiýa maýran eken,
bize ýükläp bar minnetin...
Näme diýer il-gün diýip,
ýitirmedi wagtyn gyzlar,
gepin çekip kim-kimleriň,
ilki öýde bendi bolan,
soň bendisi döwletiniň,
çekinmedi ýat il diýip,
çykyp-çykyp gitdi olar,
ogry gerek bolsa ýurda,
gerek bolsa egri kileň,
dogry, düzüw iteklense,
Alla diýip, edip dileg,
oturandan netije ýok,
düşündiler muňa irden,
subut edtjek bolup sözün,
asy bolman biz dek birden...
Dogry, görüp, bilmedik kän,
dil bilmeýän has-da beter,
sebäpleri dürli-dürli,
ýaşamagy saýlamadyk,
göreşmegi saýlamadyk,
öz-özüne bolup direg,
gepi saýlan, gybat bilen,
hüňürdini, iňirdini,
keýpi saýlan arasynda,
gelen wagty süren döwran,
hem garaşan ajap eýýam
geler ýa-da getirerler,
hezil bolar diýip bir gün,
el ýuwduryp ýetse kündük,
göz dikýän bar ýola şindem...
Ol oglanlar, o gyzlar,
çykyp, çykyp gitdiler,
beýni näme bilmedik,
gorkýan görse akylly,
açman kitap gatyny,
kitap ýazan geň galdy...