Surat

Biz nirede?

Mamla bolmak hatarly,
aýdyp ýürek sözleriň,
ýaşmagyňy açmagayň
bahasy bar, kä gymmat,
gara başyň bermeli,
şondan busýar jemagat,
namaz okap, ýalandan
uýan bolup dinine,
emma o bir ülkede,
bu bir ýurtda entekler,
gaty haýran galmaly,
atsalar-da gündiziň
günortany her kimi,
diýip edýänim, ine,
il içinde goldawçy,
arka çykýan tapylýar,
bolýar durýan ýanynda
dogry sözli adamyň,
bizde, walla, biri ýok,
ýa biz gaty sadamy?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026