Lenin hakykaty
O gün biri ýazypdyr,
''Haýal etmän atmaly!'' -
Bu Leniniň gowy gören buýrugy,
a Feliks ''Bolar, Iliç'' diýipdir,
ýylgyrypdyr, adaty zat sebäbi,
bolanda nä o birleri ölmeli,
dul galmaly naçarlary yzynda,
ýa maşgala, çaga-çugasy bilen,
aýrylmaly gülüp-oýnan ýazyndan...
Biz kän kino gördük, kitap okadyk,
kän diňledik gürrüňleri, owadan,
Lenin baba hakda, beýleki hakda,
bize olar akyl ýetmez akylly,
beýik diýip öwretdiler mekdepde,
ýa tutduryp sözlerini köp ýyllap...
Biz ynandyk, olar bir gün özleri,
keýpi üçin ýaşamady, il diýip,
halkym diýip başyn goýdy, çagalar
aç bolmady, bildi iýjegin iýip...
Ýöne, geliň oýlanalyň azajyk,
nätdi biziň beýnimizi metbugat,
telewizor, kino, ähli aýdylýan,
ýa ýazylýan zatlar galatdy, galat...
Bu nähili beýle bolýar, milleti
bir ujundan gyran ganhor gahryman,
eteginde namaz okabermeli,
mertebeli adam bolýar, atlary
köçelere, şäherlere dakylan,
näme üçin unutmaly obany,
şäherleri otsuz oda ýakylan?..
Açyk bu gün, internet bar, hatlaryn
okap bolýar ganhorlaryň, garşydaş,
kellesinde başga pikiri bolan,
sözün aýdan garalandy, uruldy,
diňe maly, emlägi däl, jaýlanan
ýerleri-de mälim bolman galanlar,
meniň, seniň, onuň ýakyn hossary,
üç arkamyz barlaýarlar şindi-de,
bir asyr däl, uzak duzak guruldy...
Hawa, halka ýer, suw wada berildi,
ýagty geljek gelmelidi hä diýmän,
terror geldi, gyzyl terror, soň ýaşyl,
deňlik däl-de, zulum boldy görleni,
açlyk boldy syýasatyň guraly,
bagt ýerine ölüm boldy berleni...
Indi belli, Lenin jennet ýerine
gurdy türme, azat edýärin diýip,
sürdi toplap milletleri mal ýaly,
dykdy dara-direlige ömürlik,
diňe gorkup ýaşamaly, gowusy
diýdi iller gürlemezlik ýa körlük...
Dogry, indi kitaplarda, mekdepde,
suraty ýok, heýkeli dur, Aşgabat
het etmeýär agdarmaga zalymy,
bir üýtgän zat, birazajyk silteläp,
üýtgetdiler şahyrlary, alymy.
Olar indi Lenin diýmän, başgaça,
özboluşly, milli pikir edýärler,
ýöne galyp galdy müňläp beýnide,
düşünjeli, okap, ýazyp bilýänler,
azaby az, pully ýere gidýärler...