Ýazgyt ýazgysy
Sen özüňi sorag edip,
döwüp döwrüň galyplaryn,
ýazmagyňy dowam etdir,
okamajak iliň üçin,
ýa okasa düşünmejek,
düşünmedik boljak, gülüp
ýaňsa alan boljak seni,
Don Kihota deňäp soňky,
ýaz, galamyň ogly bolup,
ony alyp beren kakaň,
ejeň üçin dik sütüni,
mazarlary ýetim galan,
giden ogluň ýollaryna
gözlerini dikip, ýalan
şalygynda ýesir bolan,
olar saňa depder alyp,
kitap alyp Tejendäki
ýeke kitap dükanyndan,
KGB-niň obadaky
tussaglary boldy soňra,
saklanan däl seniň ýaly,
gije, gündiz gorkup ýaşap,
sen özüňi sorag edip,
ýazmagyňy dowam etdir,
senzurany itip aňryk,
ýorganyňa dawa edýän,
ýatyrmaýan uzak gije,
ýazmagyňy dowam etdir,
özüň üçin, alyp gitmän
armanlaryň özüň bilen,
bir özüňe degişli däl,
gep eýesin taparmaşyn,
bu ýazgytmyş ýa-da ykbal...