Gowulyga suw ber
Sen özüňde gowulygy öldürme,
ol, bu diýip, bahana kän, sebäp kän,
gaty bolsa, çöregini batyrsyn,
suw ber oňa, Garaguma taşlama,
öçürme oduny haýryň ýürekde,
goý, diýsinler ýagşylyga gorkaklyk,
emel ýetip iki günlük, öň arly,
bahyllygyň batgasyna bulaşyp,
gowulygy öldürýäne goşulma,
töhmet atyp, bigünäni garalap,
entedýäni türmä basyp, ýa gysyp,
ýat illere gaçar ýaly edýäni
begendirme, gora özüň kineden,
galma garyp, ýesir bolup ýurduňda,
ýa ýat ilde, özüň daňyp elleriň,
sen özüňde gowulyga suw uzat,
suwar diýip ekilmedik gülleriň...