Surat

Internet gybaty

Ogry bolýar iki hili,
adaty hem sap syýasy,
biri seniň puluň, malyň
ogurlaýar, alyp gidýär,
gije-girim, ýa günortan,
gapyl basyp, göze ilmän,
beýlekisi gelejegiň,
arzuwlaryň çilýär çürkäp,
işiň, güýjüň, aýlygyň-da,
ýele sowrup bilimleriň,
ogurlaýar saglygyň-da,
bukulmaýar, açyk, belki,
gowy bolan bolup ilki...

Bir tapawut, birinjisi
saýlap alýar seni görüp,
tanap gowy ýa tanaman,
ikinjini seniň özüň
saýlaýarsyň sesiň berip,
ýa-da bermän, bolup çaman,
durman durup boljak ýerde,
bahana kän dilde, serde,
täsin ýeri polisiýa
adatyny tutýar käte,
syýasyny gorap mäkäm...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026