Iliň içi

Doganyň kim, bilmek üçin,
ýa dostuň kim, tanamaga,
kärdeşleriň, duzuň iýip,
oturyşan obadaşlar,
tiredeşiň, tiredeş däl,
gara-gadyr ýolda duşsa,
tanyşlaryň, salam diýip,
sag bol diýip, giren içe,
ýa kim goňşyň, görmek üçin,
agyr günler gerek eken,
gerek eken türmä düşmek,
töhmet bilen, handan gelen,
şahyr bolup oýnan biraz,
ýönesi däl, iň ýokarky,
perişdedi ap-ak saçly,
görmek üçin iliň için,
bolmalymy hökman açlyk?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026