Bize başda jan diýdiler

Amangeldi Nurmyradowyň ruhuna bagyşlanýar

Başda bize jan diýdiler,
beýlekiler san diýdiler,
gerek siziň pikiriňiz,
geliň diýýär han diýdiler,
görüşiňiz metbugaty,
täze, erkin garaýyşly
ýaşlar gerek indi bize,
zehin gerek, küteklik däl,
ýykan ýurdy, gurma derek,
görer ýaly dünýä gowy,
il deňinde, galak däl-de,
jansyz tutman adymyzy,
çagyrdylar, bardyk köşge,
gypjyn-gypjyn resmiler
tisgindiler gülkimize,
pyşyrdaşyp ýeňsämizden,
ýüzümize ýylgyrdylar,
penjek geýmän barsak işe,
jynsy geýsek, geň gördüler,
a biz ýaşdyk, ýürekdäki
dilimize gelip durdy,
soň diýdiler bolmaz beýle,
garamasak ýeke agza,
saklap bolmaz gözel ýurdy...

Soň Saparyň goltugyna
garpyz bermek döwri geldi,
alan-aldy, bolan boldy,
ulus ile, öňki ýetim
diýdi meniň döwrüm geldi,
öwüň meni ýerde goýman,
ýeňles gyz dek gülümsiräp,
eräp-akdy sözden doýman...

Ýok, bu bolmaz diýjek bolduk,
gözi bilen iýjek boldy,
şükür, iýen agyz däldik,
aman galdyk, aramyzda
käsi doýup, heläk boldy,
gördük, halkyň haly harap,
sowulmak kyn, howply ýoldy...

Başda bize jan diýdiler,
beýlekiler san diýdiler,
gerek siziň pikiriňiz,
geliň diýýär han diýdiler,
soň düşündik, kommunistler,
gelmişekler gitmän eken,
aýagymyz bilen oňman,
bagrymyza batdy tiken...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026