Adam tananyň gülküsi
Diktatora kömek ediň,
ýardam beriň ýerli-ýerden,
darykmasyn, ogry syrty
gowşak bolar, ýatyp bilmän,
ýüregine agram düşüp,
öňem biri ýaly birden,
bijaý işi edäýmesin,
gynandyryp için, daşyn,
tarpa-taýyn gidäýmesin...
Diktatora kömek ediň,
ýardam beriň, darykmasyn,
dogan-gardaş, daş-töwerek,
polisiýa, beýlekiler,
iýjek, ütjek ýeten ýerin,
o birleri wezipeli,
wezipesiz, çekinjek däl,
eli ýetse, urup gitjek,
serhet simin gyryp gitjek,
ýat illere çykarjak mal,
döwlet bankyn ýaryp gitjek,
diktatora kömek ediň,
ýardam beriň, darykmasyn,
dili kelte, iýen agyz
uýalmaly bolýar, nätsin,
hüjüm ediň žurnaliste,
ýazan bolup ony-muny,
iki-ýeke şahyr, bagşy,
aýtjak bolsa hakykaty,
agzyn tutuň, bileleşip,
diýdimzora kömek ediň,
çynçyllaryň döwüň döşün,
petekesin, gomalmasyn,
galam alan bolup ele,
han öňünde somalmasyn...
Pikir ediň, o žurnalist,
ýa ýazyjy, kän janygýan,
ýa işlejek bolýan artyk,
alar diýip birden basyp,
parlamenti ýa beýleki,
gerek ýeri, bizi gysyp,
dowla düşüň pyşyrdaşyp,
ýuwha çykyň haşyrdaşyp,
çakyň ýerli-ýerden basym,
soň giç bolar, il içinde
sylagy bar, gitmez aňsat,
zyňyň tapan kesegiňiz,
daşam bolsa, aýamaň hiç,
diktatura kömek ediň,
ökünmäň soň, bolmasyn giç...
Töhmet atyň, gowy ýarag,
diktatoryň ulanýany,
gybat ediň, gowy ýarag,
degren ýere iliň ýanyn,
garalaň siz žurnalisti,
aýlyk alýar diýiň uly,
onuň guly, munuň guly,
näme etmez, berseň puly,
ýaralaň siz ýazyjyny,
jaýy bolsa bir, ýekeje,
iki diýip ýazyň hökman,
ýa maşyny bolsa gurat,
diýiň döwlet eçilipdir,
aýdyň, diýiň agza gelen
sözüňizi, öwüt beriň,
öwüdiňiz alýan bolsa,
sögüň diýiň ejesine,
bajysyna, žurnalistler
azaldykça hoşal boluň,
kömek ediň dikatora,
güýçlendiriň onuň golun...
Bu bor siziň ýeňişiňiz,
başga aljak galaňyz ýok,
sowadyň siz elin onuň,
bulaň günde ýüregini,
diýdiriň men nädip ýörün,
bilýän ýokka geregini,
gorap ömür beren işim,
bu il meni iýjek ahyr,
abat galsa ýeke dişi,
ýa-da barmy iki başym,
üç ýüregim, dört böwregim,
KGB-niň salan aly,
eden kasty az boldumy,
enem, atam nä gün gördi,
nä gün gördi doganlarym,
siziňki nä diýsin, goýsun,
žurnaliste hüjüm ediň,
ýardam beriň aç çopana,
günde guzy, çebiş soýsa,
umyt ediň arasynda,
diýip özi gider doýsa...