Sag-solsuz

Diýdi adam telefonda,
işi düşüp, jaň edende,
ol Ahalda, men ýat ilde,
tamam bardy ýurtdan şindi,
sen bilýänem dälsiň bendi,
goly bagly Žitnikowda,
howa ýetmän urunýarkaň,
ogullaryň baglaryňy,
Berzeňňide eken, diken,
suwarmaga gelýärdiler,
iki çaga, paý-pyýada,
awtobus ýok, bilýärsiň-ä,
ýolda durup, maşynyma
mündürýärdim, bir gezek däl,
ýazyjydy, kärdeşimdi,
okamandym bir eserin,
iýişmändim duz, çörek-de,
ýeke gezek, iň bolmanda,
ýas ýerine bile baryp,
on-onki ýaş aramyz bar,
öýe gelip işden aryp,
soradym men maşgalamdan,
ýok, bu ýalan diýdi gelnim,
daýylary bilen ýa-da
ulagynda kakam janyň
giderdiler daça käte,
gerek däldi ýola çykmak,
paý-pyýada gitmek, täze,
maşynymyz bardy öýde,
uly adam, nämä gerek,
beýle ýalan, bilinmejek,
görülmejek ýaly sepi,
näme diýmez diýdik gülüp,
bilinmedik sagy, çepi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026