Türkmen tejribesi
Bu türkmeni türkmenjikler,
özüniňki iter, deper,
ýykar bolsa çöpe, batga,
daşa urar maňlaýyny,
malyn çapar, aldar gülüp,
aglan bolup arasynda,
ýok, bolmasa kiçeltjek bor,
kemsitjek bor bolmasa-da,
töhmet atar, arkasyndan
gybat eder, namaz okap,
tanamadyk bolsa, adam
otdan yssy görer ýüzi,
aýtmaz, mydam soňa goýar
aýdylmaly, gerek sözi...
Bu türkmeni türkmenjikler,
sada bolsa, näme etmez,
ýurt içinde, ýa ýat ilde,
saçak ýazma egbar görüp,
ýa bolarys diýip hemdem,
iýdireniň eliň dişlär,
duzuň deper, sora, seret,
ýanan kändir türkmeninden,
özümiňki diýip, gowy
ýüregiňi ýaralatma,
açyk sakla aralary,
gazan kändir, garalatma...