Okkupant mirasy
Okkupantlar okatmady,
ogurlady çagalygym,
pagta ýygdym diýdi bende,
ýöne kakam zor adamdy,
ýatan ýeri ýagty bolsun,
ferme boldy uzak ýyllar,
ýerleşdirjek boldy MED-e,
başarmady, kän-dä diýdi,
bizden pully, ýa arkaly,
Maksim Gorkiý adyndaky
okuw jaýy, arzanrak,
girdim höwes etmesem-de,
ady garyp fakulteti,
türkmen dili, edebiýat,
golaýlajak zadym däldi,
sintaksisdi ýigrenenim,
üç ýyl okap, gaçdym herne,
gapysyny açdy MGU,
diplomyn al, düşewüntli
ornuň bolar diýdi kakam,
Moskwada mesele ýok
puluň bolsa, bolsa maly,
eneň, ataň ýok diýmese,
gerek diýseň ýene haly...
Gaty kagyz alyp ele,
gaçdym ýene güle-güle,
hoş gal diýip imperiýa,
aňsat ýerin gözläp, tapyp,
ýaglamaly agyzlary,
aç gözleri görüp, tanap,
gara nebse serpaý ýapyp,
işe girdim ýakman janym,
messebiň däl, puluň bolsun,
mamla eken kakam pahyr,
urşy geçen, açan gözüm,
seretmeli, walla, öňe,
derňejek ýok sözlemiňi,
gerek zady paýlaş diňe...