Dünýe derdi

Her obanyň ogrusy bar,
her şäheriň egrisi bar,
dogrusy bar iliň, dogry,
ýöne belli, köp däl olar,
çynçylyňky mydam agry,
ýalançyňky ýeňil bolar,
wagyz edip şükür, sabry,
il ýüzüne dana, şahyr,
arkasynda durar ogryň,
egrileriň, bu açyk syr,
dogruçyly öldürýärler,
ýüregine salyp dowul,
ýa-da başga ýolun tapyp,
iki-ýeke galýar sypyp,
öňi dag däl, bolsa ýapy,
soň synlaýar pidalary,
özi ýaly, çydamadyk,
durup bilmän durmalyda,
dyzap, düşen ele ahyr,
umyt eder Zöhre gyzdan,
gara jaýda bolup Tahyr...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026