Adam bolsaň görjek bol

Sen sözüni aýdany,
bir, ýeke söz, gerekli,
başyn salyp etege,
gözüň açyp görmeseň,
arkasynda durmak däl,
iň bolmanda pikirde,
gybat etseň tersine,
gülen bolsaň bihaýa,
bolan bolup daş, gaýa,
gymmat düşer bu oňa,
maňa, seniň özüňe,
köpçülige, biperwaý,
bolan bolýan bilmedik,
kim aldy nä Aýnany,
samsyk toýa gelmedik
diýen bolýan garyba
gymmat düşer bu oýun,
arzan düşmez bege-de,
ýalançy diý, çynçy diý,
hasap şeýle, görmäge
bellisi ýok kim öler,
kime galar mal, dünýe,
kimiň yzy ser-sepil,
keseki däl, ýakyny,
dogan-gardaş kemsider,
çagasyny gideniň,
adam bolsaň görjek bol,
bir gowulyk edeni...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026