Bir taraply bitaraplyk

Biri diýdi ne doganym,
ne-de dostum bar meniň,
ýeke däldim bir atadan,
bir eneden, çül-çaga,
köplük bolup ulalypdyk,
sylaglydy ini, aga...

Dostlarym-da bardy ilki,
iýip-içip bir saçakdan,
göýä durmuş diňe gülki,
urup günde gyzyl, akdan,
ynanýardyk özümize,
işe baryp, münsüz gaýdyp,
pikir edýän zadymyzy
kän saklaman, açyk aýdyp,
döwlet bilen, ezýän ili,
duşman bolduk, jüýje ýaly,
seçdi durmuş, bir-biregiň
gördük birden başga ýüzün,
gizläp saklan onlarça ýyl,
daşlaşdyrdy durmuş diýip,
sowulmaly ýoldan sowul!..

Ýok, olar däl, men günäkär,
belki, etdim sabyrsyzlyk,
agyr gördüm çekýän ýüküm,
içden dömen aga boglup,
diýdim käte bolsam dökün,
soň gül bolsam Garagumda,
ýaz gelende ýelin ogşap,
bolmasadym gaçgak oglan...

A soň diýdim besdir gaýgy,
bolan işler boldy, geçdi,
elden gelen işiň etdiň,
ýa çalyşdyň, taýak sokman
her taýaklyň tekerine,
ýa-da ýazyp, çyzanlaryň,
basyp goýman çekeriňe,
berdiň ile, bilen bolsa,
indi gezek başganyňky,
pikir edýän, düşünýän kän,
geregi ýok gaýtalamaň,
şol bir zady, bu hakykat -
bir taraply gowulyk ýok,
ýol bolsa-da, öňki dostlar,
bolsun diýýän ýoluňyz ak!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026