Kyn wezipe
Düzetmeseň içiňi,
kyn wezipe, düşünip,
gara pikir gelende,
ýa-da nebis, haýasyz,
ýa-da gahar, gözi kör,
aşak basyp, bogmasaň,
ýa kowmasaň çykaryp,
naharlasaň gümanyň,
çaý-suwuny ýetirip,
ýumşak ýazyp düşegin,
saýa bolup Gün gyzsa,
arasynda namazyň,
sowulmasa dumanyň,
gysyr bulut başyňda,
müňkürligiň içde däl,
tansçy bolar gaşyňda...
Gaçyp birek-birekden,
gybat etseň duşaňda,
ýaş-ýeleň däl, bilseň-de
ýetmedigiň düýbüne,
çala-çula eşidip,
çatma ýykyp görnetin,
agyz bekläp, gürleme,
wagyz etme ile-de
beýle dini, imany,
ynanjyň ýok, bilýärsiň,
ýitireniň birmahal,
bolup puluň gurbany,
maldan başga gepiň ýok,
açylmadyk sepiň ýok,
toba geler, düşüner,
ýaşy bardy bir çene,
bolmaz ahyr, garaşdyk,
sögüşsek-de hyýalda,
iş ýüzünde ýaraşdyk...
Diýdik ýetik alada,
işimiz bar etmeli,
ýetişmeli, ömür az,
gülki bolman gitmeli,
begenmesin betpygyl,
diýenimiz bolmady,
kesdik ahyr arany,
besdir, indi dyrmalap,
ganatmaýyn ýarany...