KGB hudaý bolanda
Metbugatyň azatlygyn
ýok edeniň bolmaýar,
kanunlar bar para garşy,
ogurlyga garşy, ýurdy
hiç kim gorkman jübüsine,
ýa sandyga salmaýar,
çykarmaýar talanyny
ýat illere, ugrun tapyp,
prokuror, kazy bolan,
ýa beýleki emeldarlar,
daşy gowy goralmasa,
durulmasa arkasynda,
bir gün demin aladasyz,
ýa çekinmän almaýar,
jaý salmaýar uly, artyk,
syrtmak boljak ertir boýna,
azdyrmaýar çagalaryn,
altyn, göwher edip oýnun,
ýöne hudaý bolsa KGB ile,
bolýar ähli eden-etdi,
giden-gitdi, gelmez yza,
türmelerde ýiter millet,
näme bolmaz başga ýerde,
düzüw boljak ýaşadylmaz,
ili medet bermez merde...