Deňsiz deňlemesi

Sen, başarsaň, gep alyşma,
gep aslyny diňlemeýän,
ýa diňleýän bölmek üçin,
bir böwşeňlik tapsa girip,
alyp gaçýan gürrüňiňi,
tiz tanadýan hassa bilen,
onuň derdi agyr örän,
hiç goýmaýar içde biri,
men, men diýýär diňe iri,
ownuk-uşak beýlekiler,
bu bir gylyk, gylyksyzlar,
birçak ölen, hemem diri,
güp ynanar häsin berseň,
atyp-düşmän özi ýaly,
soň sen goýup öz gürrüňiň,
diňe ony diňlemeli,
unutmaly bar hasabyň,
inedördül deňlemeli...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026