Imperiýa duzagy
Rus ÝOJ-larynda Türkmenistanyň 57 060 raýaty bilim alýar. Metbugat habary
Seni basyp alan ozal,
bu gün dişi degen daşa,
gözden düşüp, döken gany
derýa bolan öz öňünde,
saňa mekdep berip oýnan,
imperiýa oýnun öňden,
ýene gapy açan bolýar,
oka diýýär gelip mende,
kyn günüňden peýdalanýar,
döredilen ozal, häzir,
eli bilen egsikleriň,
o tarapdan, bu tarapdan,
diýmek geçmiş geçmeýär hiç,
ölmeýär ol ölen bilen,
belki, hatda geçmişem däl,
öňem biri aýtmyşlaýyn,
içimizde galdy, otyr,
dowam edýär ýaşamagyn.
Öň aldylar ýarag bilen,
däri bilen gala ýaryp,
galdyň ýürek, jiger dagly,
bu gün özüň çagalary,
beýnileri bekemedik,
eltip berýäň adam ogly,
goly bagly, ýüp bilen däl,
mätäçlige itip ili,
gitsin, gaçsyn diýýän ýaly,
düşüneni aga, gara,
düşünmedik geler yza,
ýurdy ýaly gidip okan,
ýaşar diýip çöküp dyza…