Gymmat düşýän gowulyk

Kärdeş diýip, bolan bolup pikirdeş,
arkaňda galdyran pyçagyn berseň,
ýa bilýäniň birazajyk bildirseň,
ýylgyrmasaň ýalan gülmeli ýerde,
onda, munda dilden sypdyrsaň derdiň,
utandyrjak, özüň etjek gybatçy,
uly ýolda bir ýa iki bolmaýar,
haýsy birin öz ýerinde oturtjak?

Bir çykalga çydamaly, bilmedik,
düşünmedik bolup oýnuna dünýäň,
aý, bolýa-da, tapsyn diýip pälinden,
goýan gepiň, gozgamadyk meseläň,
goýmaz seni, bir gün tutup ýakaňdan,
ýanbaşyna alyp, urar asfalta,
begen gelip ýetişseler, gözleriň
kem-kem ýa-da birden açylsa ýalpa...

Keseki, öň hiç görmedik adamyň,
ak halatly, ganyň alar, sereder,
sorag berer, kim sen, näme aladaň,
soňra diýer dynjyňy al, et heder,
sanaşmak kyn samsyk bilen öňýeten,
ýöne sesiň çykarmasaň, saklasaň,
bir gün bir zat bolar, bilmän galarsyň,
diýmelini diý, göterme ýürekde,
gowy boljak bolma, ölmän galasyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026