Dostsuz halk
Işçi, daýhan boljak ýokdy başarsa,
ýa diplomsyz galjak ýokdy başarsa,
tanyş görüp, malyn satyp adamlar,
çagalaryn ýerleşdirip okuwa,
düşewüntli, gowy ýerde işledip,
oýnajakdy zamananyň kartyny,
şahyr ýaly, gülen bolup durmuşa,
söz oýnadyp, belli gözi nirede,
ýerin bilseň, bela ýokdy o mahal,
emma soňy birden bulaşdy gaty,
aýdym aýdýar aýdymçylar aglaşyp,
kimi ýykdy, kimi depdi öz aty,
ejesi dek dost tapmadyk adamlar,
öçýär şem dek, dilden gaçyp gurbaty...