Özüňi gora

Sen özüňi goramaly,
ilki dogan diýilýänden,
doganoglan ýa dolanan,
çykanlardan goramaly,
ýegenlerden, daýy-daýza,
goňşy-golam, hemme edil
özüň ýaly bolup bilmez,
ulanjak bor gowy bolsaň,
gowy bolan bolýar diýip,
gezek gelse, belli bolar,
gelmez gelen ýerleriňe,
almaz seniň alan ýüküň,
bil baglama dost, pikirdeş,
tiz tanadar, giç bolmasyn,
sen özüňi goramaly
güljeklerden ýykylaňda,
ylgap geljek galan günüň,
kömek sorap ýa soratjak,
eneň, ataň goşup ara,
bu ahwaly düşündirme,
aýdyp her bir zandy dara...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026