O bir gykylykça

Eliňden hiç iş gelenok, bilýärsiň,
bor-bolgusyz gepden başga, gündelik
haýbat atyp ýadamadyň, armadyň,
sesiň gaty, gygyrýanlar gorkusyn,
howsalasyn basjak bolýar içinde,
bilýär muny mekdep gören, sen kimi
aldaýarsyň, akyl satyp daşardan,
özüň beri ynanýarmyň sözüňe,
kanun barmy, kada barmy jahanda,
garyp bolsaň, hasap sorap bolmaýar,
ýok, sorasaň asy bolýarsyň özüň,
diýmek, yza çekilmeli kä ýerde,
haýyr bardyr, belki, bu günki şerde,
sen ejizi itekleme ataşa,
ýanyp duran oda itme çagany,
bilip durkaň nämeleriň boljagyn,
ýok zat hakda gürrüň edip gomalma,
iki sözlem ýazyp bilmän hiç dilde,
giriş näme, çykyş näme, düşünmän,
gykylyga bitýän bolsa ýaramyz,
basyp alan, ezýän ili asyrlap,
bir ýurtda däl, täzelik ýok bu ýerde,
oturmazdy boýnumyzda, hamytsyz,
sürüp bizi islän ugur, ýoluna,
eliňden hiç iş gelenok, görýäris,
bolmanda sus, düşün halkyň halyna...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026