Surat

Gorkulmaýan gorky

Alan-aldy ýurduň maly,
eden-etdi, giden-gitdi,
ýiten ýitdi ýurt içinde,
ýat illerde, size bagly,
gözde ýaşy diňmez bolan,
ýetim, naçar, hasaby ýok,
hasaby ýok basylanyň,
ýüp, agaçsyz asylanyň,
puly ýetmän azatlyga,
bozulany maşgalanyň,
ýykylany daş galanyň,
öçen ojak, oduny ýok,
gaýnamadyk gazan bolsa,
tamadyr bolsa, gyzmaz indi,
size bagly, gülen bolýan,
ondan, mundan çilen bolýan,
bilen bolýan köp, emelli,
oýnan bolýan karam oýny,
belki, başdan terbiýäňiz,
ene-ata bakyp, synlap,
ýa soň görüp adamlary,
düzüw bolsaň, geçirmeýän,
içirmejek ýapdan suwy,
ellerinden gelse eger,
güni gowy geçýän erkek,
aýal-gyzlar, size bagly,
sozulanlar otsuz, suwsuz,
size bagly gözel ýurduň
şu güni-de, ertiri-de,
it alnyna gelen geler
alnyna-da ahyr gurduň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026