Gulaklaryň hapalama

Adam özün sylamasa,
sylamasa sözün adam,
ýüz-gözüni sylamasa,
sylamasa agzyn adam,
nämeleri diýmez, aýtmaz,
özi bilen ikiçäk däl,
hyýalda däl, il öňünde,
internet bar, päh-päh diýip,
han, soltanyň donun geýip,
boýun, inin sylamasa,
sylamasa aýagyny,
nirelere baryp-gaýtmaz,
tutmaz eli näme kişiň,
sen güýjüňi, kuwwatyňy,
ýa wagtyňy zaýalama,
ýetik ýa-da känkä işiň,
özün açan, aýdan wagty
kimdigini, ýüz-gözi däl,
ýa agzy däl, päli gyşyk,
aýa özüň, ýüzüň, gözüň,
aýa sözüň iň esasy,
gulaklaryň aýa, adam,
hapalama, pese asyp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026