Emeli gytçylyk

Žurnalistiň gytçylygyn,
adaty däl, ýazjak bolýan,
etjek bolýan işin gowy,
urulsa-da ýüzüne kän,
etegine başyn salýan,
döredýänler bilýär işin,
kynlaşdyrýar olar ýoly,
deşip düýbün abat salyň,
daş togalap dagdan uly,
sebäbi ol gelse, geçse,
uçutlardan uçman, eli,
aýaklary abat bolsa,
edilse-de ret günde,
kyn bolsa-da subut etmek,
gülünse-de üstünden kän,
kiçi başlyk has ullakan,
böwet bolup saklasa-da,
urup çykýar bir ýerlerden,
žurnalistiň gytçylygy,
beter, belki, ähli şerden,
çapary ol habarlaryň,
ýetmez ýaly ile habar,
ýok etmeli getirýäni,
satyn alyp, bolsa eger,
öwürmeli iller ýaly,
güni geçse begenýäne,
buýsanýna iş etmese,
pully bolup üstesine,
öwünýäne ezse ili,
žurnalistiň gytçylygy
döwýär gowy iliň bilin...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026