Sapar ogry we şägirtleri
Sapar ogry tüýs ýaşajak
ýyllarymyz ogurlady,
göreş bilen geçýär ömür,
ýeke gün ýok dynç alynan,
gije-gündiz iýýär pikir,
gaýy edip gözel ýurdy,
düşünýän bar, salam aýdyp,
ýat illerde begendirýär,
düşünmeýän gynandyrýar,
atam diýip ogry-jümrä,
iliň haly aýdymlarda,
ýaş ýigitler dönüp gemrä,
tüsseleýär, ýanýar, diňläp,
çiş kakylýar gözleriňe,
geň galýarsyň düýnki çagaň
tapýan jaýdar sözlerine...
Öňki şahyr, ýazyjylar
imperiýa guly bolan,
soňra guly soňky guluň,
dymýar öýde, çekerinde
saralypdyr kagyzlary,
diýdi biri aýdyjylaň
gelşip dur-aý agyzlary...
Sapar ogry tüýs ýaşajak
ýyllarymyz ogurlady,
hem öwredip gitdi ýurdy
ýumurmaly nädip günde,
nädip ili bir-birine
garşy goýup, oýnamaly,
şägitleri halypadan
ozdurmasa, hünär ýiter,
ýurt ýykýanlar bir, agzybir,
heder edip, her zat eder...