Öň hatardaky gädik

Seniň gahar-gazabyňy,
ýa ýigrenjiň, ýa ünsüňi
o birine, bu birine
gönükdirer kelte pikir,
ele galam alyp, sözläp,
guly bolan partiýanyň,
ýa soň gelen täze nesil,
diýer olar bar mesele
çözülmeli gitse Sapar,
Sary gelse deregine,
ýa çalyşsak dolandyryş
düzgünini, bir adama
bolmaz ýaly garaşly kän,
käte diýýäň gürrüň edýän
aýdýan zadyn bilýärmikä?

Gürrüň, gürrüň, ýene gürrüň,
ýyllar geçer, ysgyn gaçar,
geçen güni getirjek ýok,
ýiten wagtyň, otsuz oduň
ýarasyny bitirjek ýok,
göterjek ýok ýüki ýerden,
galan ýeri, gykylykdan
basylýarys, ýadaýarys,
gaçýar okan, düşünenler,
ýeke sözün zaýalaman,
batman batýan gämi bilen,
iýýär günde, doýdumy ýok,
ýuwdup barýan ili ýalan,
öň hatarda ulgam näme,
ýa geçilen ganly ýollar,
imperiýa näme, bilýän,
pikirlenýän adam gerek,
aýtjak bolýan gerek çyny,
betbagtçylyk agentleri
naharlaýan wagty jyny...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026