Erkin terjime
Biri ýazýar, tisginýärsiň,
ahyr bir gün ajal meni
tapanynda görmän, gözläp,
geleninde äkitmäge,
has rahat, gowy ýere,
soraryn men ondan göni,
gypynç etmän, şu wagta çen
nirelerde bolduň diýip,
men ölýärkäm sessiz günde,
ölenleriň arasynda,
malym diýip, pulum diýip,
ýuwaş-ýuwaş, haldan gaçyp,
öz etimi özüm iýip,
ýaşamaga derek bendi,
künde bolup aýagyma,
ýüzüm açman, maska geýip...
Men soraryn ondan çintgäp,
gezdiň diýip nirelerde
şunça mahal garaşdyryp,
ýaşaýarkam bu bedende,
bolup galan gabyr maňa,
hem diýerin ýöne, şükür,
Alla berdi sabyr maňa...