Bizden görmäň

Bize yzdan 35 ýyl
her hilije zat diýenler,
enemiziň, atamyzyň
jigerine gan öýenler,
ýetim hakyn, aç ölen dek,
az-owlak däl, kän iýenler,
basgylaýan naçar hakyn,
soň toý tutýan, warryk saky,
şahyr, bagşy iki ýüzli,
dabaraňyz dag aşyrsa,
bolýan bolsa özüňize,
iliňize, şükür edýän,
beter ediň, ýazyň halyň
ulusyndan ulusyny,
oglan-gyzlar, ýa ýaşuly,
milli lybas geýen üýşüp,
tans etsinler, ýöne bir gün
düşünseňiz hakykata,
manysyna ýaşaýyşyň,
bizden görmäň bolanlary,
görüň ejiz, ezileniň
iýjek nanyn alanlary...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026