Bazar hakykaty


Seniň ömür beren işiň
onuň, munuň gara nebsin,
açgözlügin ýapmak bilen,
ýuwmak bilen çalşyrylsa,
hem diýseler, görýärsiň-ä,
bu bir bazar, satylmaly,
bahasy bar her adamyň,
ýylgyrmala ýylgyrmaly,
boljak bolsaň iller ýaly,
galjak bolsaň işli, öýli,
çagalaryň bilen aman,
äsgermezlik etme, düşün,
döwendirler ozalam kän
kän asyllyň höçjet dişin...

Tötänlik däl sowatsyzlyk,
tötänlik däl uruş, gowga,
ony muňa küşgürmeler,
Mollanepes düşünmändir,
bazar näme, bähbit näme,
ýa-da nepi gep berýäniň,
al salýanyň adamlara,
ýarag satyp ýyl-ýyldan kän,
gülme seniň işiň ýazmak
diňe almak üçin para,
ýa-da baýrak, sylag, serpaý,
salýan diýmän ile ýara...

Seniň ömür beren işiň,
düşün, ozal Lenin baba,
ýa Stalin bilen öldi,
ýok edilip ýazan çynyn,
soň bagyryp bazar geldi,
geldi birden baý bolanlar,
sorag berseň tutýan jyny,
oýun etme olar bilen,
bagyşlanmaz sözüň, belli,
adyň bilen ýazyp başdan,
küýzesini döwdüň jynyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026