Ýaryş betbagtçylygy

Ýaryş betbegtçylygy

Seniň işiň gerek, emma
at-abraý almagyň ýa
tanalmagyň gerek däl hiç
aksumaga, içi gara,
aljak ýaly ýerin, ornun,
ýa daraltjak dünýesini,
hemme zada sokup burnuň...

Eger kelläň boş bolmasa,
okan bolsaň ony, muny,
diňe diplom alyp oňman,
ýa saýgaryp ak, garany,
biraz öňe bakyp, bilip,
iş başarsaň azda-kände,
ulanjak kän öz nepine,
elden gelse, nogta salyp,
hemem adyň garalajak,
birden gaty gitmez ýaly,
daş üýşürjek ýol-ýodaňa,
olar ýakyn, ýat däl diňe,
içden urar, hem ýylgyrar,
düşen bolup senden öňe...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026