Surat

Güýz söhbedi

Gurbannazar, ýene seniň
güýzüň geldi, gykylyksyz,
gylyksyzlar seretmeýär,
gaýyp düşýär sary ýaprak,
aýagasty, pyşyrdaýar
geçip gitseň üstün basyp,
beýtme ahyr diýýän ýaly,
seni ýurtda öldürdiler,
bizi, gaçan, ýüpsüz asyp,
ýa zäherläp günde, sessiz
öldürmekçi bolýar duşman,
çapyp barýan atdyk, indi
at göwünli edýär puşman,
gamçy döwýär gyzyl ýüzli
oglanlary, gyzlary-da,
sylanmaýar sylanmaly,
bereket ýok hereketsiz,
biz bilmezdik seniň ozal
döwüleniň nädip ilki,
öwüleniň gördük soňra,
gezekleşip, megrem, bu
aglamaly, ajy gülki...

Ýaşdyk, gaty utanýardyk,
uýalýardyk, deşik tapsak,
sümüp gitjek ýere, belki,
dörediji, galam tutan,
bilip, görüp hakykaty,
aýdyp bilmän, diýip bilmän,
gaçýar diýip ýazgarsalar,
ýa gülseler gorkak diýip,
kölegesin görse ölýän,
soň düşündik nädýär iller
şahyryny, ýazyjysyn,
aýdyjysyn arak berip,
tirýek berip, ejiz bolsa,
a soň diýip alaç ýok-da,
gowy görüp, hudaý alsa...

Gazetdäki başga gürrüň,
köçedäki başgarakdy,
diýýärdiler saňa, belki,
atyp, meşhur etdi gaçgak,
atylmadyk içip öldi,
ýazjagyny ýazyp bilmän,
öz-özünden gaçyp öldi...

Seniň nesliň komsomolyň
baýragyny almalydy,
galmalydy ak sanawda,
gara sanaw ýatda mydam,
dälihana ýatda mydam,
sylan bolup şahyrlary,
bolşewigi söýen, sylan,
düşünse-de basmaçylar
basmaçy däl, ýalan ýylan
aždarha dek towlanýardy,
düşünmeýän ýokdy, gorkup,
oda ýazmak namys, ardy...

Gurbannazar, bu güýz saňa
aýdyp biljek birje zadym,
täze nesil, otuz ýaşly,
35-li, kyrka ýeten,
okan seniň goşgularyň,
duran çörek nobatynda,
gören urşuň gutarmanyn,
ýa turanyn beter, içden,
gelýär sahna tutup hatar,
gitara bar ellerinde,
seniň ýaly, meniň ýaly,
aldamýar olar özün,
diňlän wagtyň agyň tutýar,
ýok, gutarmaz aýtjak sözün!

Ok atylman turan uruş,
türme bilen, tirýek bilen,
açlyk bilen uran uruş,
çukur gazyp 35 ýyl,
itýär entän bolsa aşak,
atasyz kän, enesiz kän,
günde ölýän haksyz ýaşap,
belki, diri, jaýlanmadyk,
ýa jaýlanan, çagalaryn
gulçulyga goýup giden,
berilmedik ýyly, aşy,
ýöne hemme gul bolmaýar,
okap, diplom alyp gowy,
ölä aýan, belki, gökden
gürünýändir, diňleýänsiň
aýdymlaryn bet hem ökde,
senden, menden saza, şahyr,
olar many gözleýärler,
bolman ýalan Zöhre, Tahyr...

Hawa, dogry, seniň döwrüň,
uruşdan soň, umyt bardy,
indi ýaşlar görýär, bilýär,
alan aldy, gülen güldi,
açyk karty kürsüliniň,
elim gowşak diýip, aglap,
barjak ýeriň ýok utulsaň,
ýa galmaly ýeriňden sen,
ýa galmaly aýagasty,
ýaprak ýaly, arza ýazsaň,
okajak ýok diýip basdy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026