Uruş we parahatçylyk
Uruşlaryň nämedigin,
ok-ýaragly ýa galamly,
ol ýere öz oglun, gyzyn,
ýa başga bir ezizini
iberýänçä bilmez adam,
bilmez adam özi baryp,
zar bolýança gara suwa,
türmelerin ejiz äriň,
açgözleriň, ýetim ösen,
ýa-da kümsük ataň ogly,
gyzy bolup asylsyzyň,
näme üçin gerek kanun,
näme üçin gerek kada,
bilmez adam özi ýadap,
halys bolup ýykylmasa,
ýa başgalar basylanda,
deň bolmadyk söweşlerde,
süýrelende Sibirlerde,
sürgünlerde, hammal bolup,
düşünmedik bolýan, gülýän
bu zatlara düşünermi,
özi bir gün çekmän jebir,
ýöne çemçe gezeklimiş,
käte uzak gider egri,
käte ýükler agar aňsat,
gülme depäň göge degrip...