Saparmyrat söýgüsi
Bu syýasat, Saparmyrat söýülýär,
sylanýar ol, eden ýaly uly iş,
wah, boljakdyk üç açarly diýýärler,
öldi pahyr, gören ýaly bolduk düýş...
Gazy mugtdy, togy mugtdy milletiň,
suwy mugtdy diýip aglaýar biri,
beýlekisi diýýär bol boldy neşe,
arak, tirýek her köçede tapyldy,
gadagandy, häzirki dek internet
pil etmezdi özüň bolsaň-da peşe...
Bu syýasat,
Saparmyrat gerekdi,
zat aljaga arkasyndan ogrynyň,
at aljaga oýnatgyny oýnadyp,
çaga ýaly, gözi çykdy dogrynyň,
düzüw bolsaň, kanun ýaly basgylap,
halydan öň aýgasty etdiler,
ýok diýenler, ahyrynda alaçsyz,
türmä düşüp, ölüp, ýitip gitdiler...
Ynha, basym geler ýene dekabr,
atam diýip aglar onda birisi,
munda biri goşgularyn paýlaşar,
bilmeýän dek kimiň ýazyp bererin,
wah-wah diýer teswir ýazan gömükler,
iki sözde alty ýaňyş goýberýän,
şahyr, alym demin alman oturar,
eşidilmez ahy bolanyň girýän,
bu syýasat, görmejegiň görmeli,
görmeli däl ýetim galan çagany,
barly görseň, eglip salam bermeli...