Adam ýüregi
Adam başdan gowy ýürek,
zandy düzüw dogulýarmy,
bozulýarmy soňra kem-kem,
bozuklary görüp, ädi
ýanandan soň, gara köýük,
deşik-deşik bolup bagry,
ýa-da ony başdan, günde
gowulyga gönükdirip,
ösdürmeli dogry, terse
gitmez ýaly, ýatmaz ýaly
ýarsgynyna, sarsgyn görse,
kötek görse, ýüň gazyk-da
girermişin ýere, dogry,
ýöne käte husyt ärden
gowy bolar jomart ogry,
bu gadymy, köne jedel,
duza gaçan, bilýärsiňiz,
näme bolýar, bu gün gaçyp,
ýurtdan çykan aglar ertir,
ýatar gije gözün açyp...