Esasy mesele
O birinde, iň ýokarda oturan,
bu birinde, aşagynda, opuran,
dünýä sygman çilen maly,
näme diýse diýsin millet,
mesele ýok beýle uly,
esasy gep il-ulusda,
bolmasa-da çörek puly,
geplemeli gepi tapman,
eden bolup ýalym-ýulum,
goldaw bermän goldamala,
oýna gelen tomaşaçy,
bolan bolup ýagdaý guly,
oýnar oýnun ýüzi galyň,
söz zaýalap bilmejege,
gelmejege sowma ýylyň...