Galplyk duzagy
Gutulgusyz, ýykylmaly ýykylýar,
saklanmaýar topun atyp, okuny
gutarýança gutarýar ol, görýäris,
agzynda aş gatyklasyn her näçe,
wagty gelýär atalaryň, gitmeli,
oglun goýsun, gyzyn goýsun yzynda,
saklar ýaly adyn, eden işlerin,
il ýadaýar, umyt edip, garaşyp,
işgär gerek, eger bolsa iş ýeri,
döwlet – bu iş, kim bolsa-da başynda,
işlemeli, ulanmaly kelläni,
gutulgusyz, ýykylmaly ýykylýar,
ýalan bolsa bar bileni, belläni.