Ygrar duzagy
Sen bir esger, ýurduň ogly diýseler,
gora iliň, garrysy bar, ýaşay bar,
ygrarly bol ata-baba aslyňa,
ygrarly bol, başyňy goý ýurt üçin,
ýöne eger başda duran serkerde,
töweregi bolsa ygrarly diňe
öz nebsine, kisesine, gutaran
satlyk bolsa, gurjak bolsa, duşmana
gyzyl haly ýazsa, har edip ili,
gapyl diýse, diýseň diýip bolmaýan,
dogry sözi, uzak saklatman diliň,
diş astynda uzak ýatmasa diliň,
ädehedi kümsükleriň her ýerde,
töhmet atyp, garalasa adyňy,
sen edebi, terbiýesin ojagyň,
hormatyny duz-çöregiň, saçagyň,
ýa-da alan aýlyklaryň işläňde,
ulandyrma ýarag edip garşyňa,
ygrarly bol öz sözüňe, gözüňe,
görýänleriň düýş boolmasa, huş bolsa,
hem gynanma gul bolana gorkudan,
gelmeseler, hiç çagyrma kömege,
goý, doganyň bolsun, barma ýanyna,
sen bir esger, ýaragly ýa ýaragsyz,
ygrarly bol damardaky ganyňa!