Bahyllyk duzagy
Il susýarka bir-biriniň
arakasynda ýüzün gizläp,
düşünmedik bolup näme
bolýar ile uzagyndan,
soralmaýan soraglary
berseň, dursaň, gaýtalasaň,
jogap aljak bolup handan,
oturmasaň otur diýse,
ýa dymmasaň işiň barka,
penjek alyp bilseň gowy,
aýakgabyň bolsa täze,
münüp bilseň hatda ulag,
para alman, bermän para,
seni türmä basyp bilmän,
ýa goýberip bassa gyssag,
ahmyr etse asyp bilmän,
ýetim hana gynanma sen,
il ýigrener ondan beter,
edip bilmän edýäniňi,
ogurladyp gelejegin,
ony goýup, salar senden
ýaňy ýasan öl göjegin.