Päl duzagy
Adamsyň sen duýgy berlen,
üşük berlen azda-kände,
begen çyksaň her gün daňa,
akyl berlen, akmaklygyň
uç-gyraksyz ummanynda,
besle göwnüň gowulyga,
gysga diýler durmuş muňa.
Düşünersiň ýuwaş-ýuwaş,
adamlara oýny-çyny
garym-gatym bolan birçak,
tanarsyň sen gül berýäni
ejiz wagty gujak-gujak,
ýüzi açyk haçan görseň,
soň arkaňdan urar pyçak,
görersiň sen görmesizi,
bilersiň sen bilmesizi,
aýtmasa-da gelip kimse,
hem dymarsyň, hemme zady
aýdyp, diýip, açyp bolmaz,
kim bol, bolma, tutar päliň,
niýetiňden gaçyp bolmaz.