Surat

Täjir duzagy

Il-ulusyň, ogurlanan,
öz öýünden özi bilen,
nädip halas etmeli sen,
nädip öňe gitmeli sen?..

It üýrmeýär gündizine,
gijesine, tanyş gelse,
dili bagly halkyň seniň,
lal dogulan çaga ýaly,
dodaklardan okaýar ol,
ses edende kiçi, uly,
ezizleri ýitse, ölse...

Okaýar il täjirleriň
sözlerini, söwda etse,
bazary bar ähli döwür,
gowy ýa-da gymmat geýnen,
biri gitse, iki gelýän,
ýa tapylýan ýok edilse,
täze hemem köp ýüzlüsi,
gündiz gözläp, gije gözläp,
çyraly ýa otluçöpsüz,
diňe bilýän söwdasyny,
peýdasyny bilýän diňe,
kise güýçli bar goşundan,
dünýe döräp ýesir alan,
san-sajaksyz, gandallanan,
emma diýseň diýer ýalan.

Adam näme, bilmez bazar,
duýgy näme adamlarda,
arzuw näme çagalarda,
ene näme, çagalaryn
adam etjek, söwdegär däl,
ýa etjek däl ýaragly hiç,
jan almaga iberilýän,
o goşunda, bu goşunda,
mugtuna ýa haky bilen,
aglamaly alanyňda,
uruş näme, düşüner il,
her ýer urup galanynda.

Täjir halky biler ata,
eneleriň ýagdaýyny,
açlyk bilen bogulýany,
gorkuzylýan çagalary,
geplep bilmez ýaly soňra,
ulalanda, okap diplom
alsyn näçe, peýdasy ýok,
ýöne olar amatly bor,
gowy bolar täjir üçin,
alyp gider ýany bilen,
nirä gitse gonup, gözüp.

Ýesir alnan milletiňi,
öz içinde jellatlary,
nädip halas etmeli sen,
nädip çykyp batgalykdan,
gury ýere gitmeli sen?

Okatmaly nädip iliň,
dünýe doly gowy kitap,
oýlandyrjak, açjak gözün,
ýat tutdurman boş sözleri,
gep başlasaň gykylyklap,
ol o ýerden, bu bu ýerden
sesiň basýar sykylyklap,
ýa hapa söz, gulaklary
dykyp, tutup gaçmaly sen,
dodaklardan okaýan il
ýatan bolsa ýagşy diýip,
bolman ýumuk gözleri...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025